„Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez.
Munuň üçin Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym hakda Reb şeýle diýýär: „Onuň üçin: ‘Waý, gardaşym!’ ýa-da ‘Waý, jigerim!’ diýip ýas tutmazlar. ‘Waý, aga!’ ýa-da ‘Waý, onuň alyhezretleri!’ diýip, onuň üçin ýas tutup aglamazlar.