Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:5 - Mukaddes Kitap

5 Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Мен бу шәхериң әхли байлыгыны, мал-мүлкүни, гымматбаха затлары билен Яхуда патышаларының әхли генҗи-хазыналарыны душманларының элине берерин. Олара талаң салып, әхли затларыны Бабыла әкидерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:5
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.


„Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.


Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.


Ýurduň ähli ýerinde eden günäleň üçin talaňa bererin baýlygyňy we hazynaňy.


Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde olja edip paýlaryn.


Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler.


Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.


Sidkiýanyň şalygynyň on birinji ýylynyň dördünji aýynyň dokuzy güni şäheriň diwary böwsüldi.


Babyllylar patyşanyň köşgüni, halkyň öýlerini ýakdylar we Iýerusalimiň diwarlaryny ýykdylar.


Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geldi, tutuş ýurt wes-weýran boldy, ýok boldy birdenkä çadyrlarym, bir demde perdelerim.


Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy, milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de, Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi.


Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi.


Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.


Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ