Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:4 - Mukaddes Kitap

4 Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Чүнки Реб шейле диййәр: „Мен сениң өзүңи ве дост-ярларың барыны ховп астына саларын. Оларың душман гылыҗындан хеләк болшуны өз гөзлериң билен гөрерсиң. Мен тутуш Яхуданы Бабыл патышасының элине берерин. Бу патыша олары Бабыла әкидер ве гылычдан гечирер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:4
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler.


Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar.


Negebiň şäherleri ýapyldy, olary açjak ýokdur. Bütin Ýahuda sürgün edildi, tutuşlygyna sürgün edildi.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Eý, Paşhur, sen bilen seniň öýüňde ýaşaýanlaryň bary Babyla sürgün ediler. Sen-de, seni söýýänler-de, ýagny seniň ýalandan pygamberlik eden adamlaryň-da şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanarsyňyz“».


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer.


Men näme görýärin? Olar gorkup, yza çekildiler. Batyrlary ýere çalnyp, yzlaryna garaman gaçdylar. Ähli tarapdan howp abanýar. Muny Reb aýdýandyr.


Baş ruhany Seraýa bilen ikinji ruhany Sepanýany hem-de üç sany gapy sakçysyny janpenalaryň baştutany Babyla ýesir edip äkitdi.


Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.


Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar.


Araňyzda gurbanlyk sypamdan mahrum edilmedik diňe bir adamy diri galdyraryn; ol hem sizi aglamakdan gözleriňizi kör, bagryňyzy gan eder. Tutuş erkek nesliňiz juwanlykda öler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ