Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:3 - Mukaddes Kitap

3 Ertesi säher bilen Paşhur Ýermeýany kündeden boşadanda, Ýermeýa oňa şeýle diýdi: «Reb seni Paşhur däl-de, Magor Misabyp diýip atlandyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эртеси сәхер билен Пашхур Ермеяны күндеден бошаданда, Ермея оңа шейле дийди: «Реб сени Пашхур дәл-де, Магор Мисабып дийип атландырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Seraý diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara bolar.


indiden beýläk seniň adyň Ybram däl-de, Ybraýym bolar, çünki Men seni köp milletleriň atasy edýärin.


Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Onsoň men pygamber aýal bilen ýatdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maher-şalal-haşbaz dak.


Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.


Şonuň üçin hem indi ol ýere ‘Topet’ ýa-da ‘Benhinnom deresi’ diýilmän, ‘Ölüm jülgesi’ diýiljek günler geler. Muny Reb aýdýandyr.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Sepanýa ruhany bu haty Ýermeýa eşitdirip okady.


Men näme görýärin? Olar gorkup, yza çekildiler. Batyrlary ýere çalnyp, yzlaryna garaman gaçdylar. Ähli tarapdan howp abanýar. Muny Reb aýdýandyr.


Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar.


Şonuň üçin hem şeýle günler geler, muny Reb aýdýandyr, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.


Çar tarapdan maňa howp salanlary çagyrdyň, baýramçylyk günündäki kimin olary üýşürdiň. Rebbiň gahary gelen güni hiç kim gaçyp gutulmady, olaryň arasyndan diri galany bolmady, söýüp ulaldan çagalarymy duşmanym heläk etdi.


Boş görnüşler görýän, ýalandan pal atýan pygamberleriň garşysyna el galdyraryn. Olar Meniň halkymyň maslahatyna gatnaşmazlar, ysraýyl halkynyň sanawyna ýazylmazlar we Ysraýyl ýurduna girmezler. Onsoň siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz.


Olary daşary çykaryp: «Agalar! Men halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ