Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:2 - Mukaddes Kitap

2 Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Онсоң Пашхур Ермея пыгамбери урды ве Реббиң өйүндәки ёкаркы Бенямин дервезесинде аякларына күнде салды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:2
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi.


Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».


Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.


Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, onuň ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.


Emma halk Zekarýanyň garşysyna dil düwşüp, ony patyşanyň tabşyrygy bilen Rebbiň öýüniň howlusynda daşlap öldürdi.


Aýaklaryma künde urýarsyň, her bir ädimimi garawullap, aýak yzlaryma çenli barlaýarsyň.


aýaklaryma künde salýar, bütin ýollarymy synlaýar“ diýýärsiň.


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Ýahudanyň ýolbaşçylary bu zatlary eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Rebbiň öýüne geldiler we Täze derwezäniň girelgesinde oturdylar.


Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň!


‘Ruhany Ýehoýadanyň deregine seni Rebbiň Özi ruhany edip belledi. Rebbiň öýüniň baş gözegçileri ol ýerde özüni pygamber edip görkezýän her bir däli adamy kündeläp, demir zynjyra baglasynlar.


Patyşa Ýerahmeýel şazada, Azryýeliň ogly Seraýa we Abdeýeliň ogly Şelemýa dagy Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tussag etmegi buýurdy. Emma Reb olary gizläpdi.


Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.


Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.


Gebadan Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona çenli tutuş ýurt düzlüge öwrüler. Emma Iýerusalim Benýamin derwezesinden öňki derwezäniň ýerleşen ýerine, Çüňk derwezesine çenli, ýagny Hananel diňinden patyşanyň üzüm sykylýan ýerine çenli aralykdaky belentlikde galar.


Kärendeçiler onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýenjýärler, başga birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar.


Olar Petrus bilen Ýohannany tutdular we agşam düşendigi sebäpli, olary ertire çenli zyndanda sakladylar.


Olar resullary tutup, şäher zyndanyna saldylar.


Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ