Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:18 - Mukaddes Kitap

18 Men näme üçin eneden doguldymkam? Gaýgy-hasrat çekip, ömrümi ryswalykda geçirmek üçinmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мен нәме үчин энеден догулдымкам? Гайгы-хасрат чекип, өмрүми рысвалыкда гечирмек үчинми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:18
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


«Ynsandan doglan ynsanyň ömri gysga, derdi köp bolýandyr.


Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!


Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, kalby hasratla-da ömür berilýär?


Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, ynsan hasrat üçin dogulýar.


Ähli günäleriňi Ol bagyşlaýar, ähli dertleriňe Ol şypa berýär.


Depäňizden dabanyňyza çenli sagat ýeriňiz ýok, gan öýmelerdir, ýaralar, gany akyp duran ýaralar. Olar arassalanmadyk, saralmadyk, ýag bilen ýumşadylmadyk.


Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


«Waý meniň halyma! Wah, ejem, sen meni bütin dünýä bilen jedelleşsin hem dawa etsin diýip dogrupsyň! Men hiç kime karz bermedim hem, almadym hem. Şonda-da hemmeler maňa nälet okaýarlar».


Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Derdime şypa ýokdur, ýüregim ýaralydyr meniň.


Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.


Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.


Size dogrusyny aýdýaryn, siz aglap ýas tutarsyňyz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gaýga batarsyňyz, ýöne gaýgyňyz şatlyga öwrüler.


Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.


Başga birileri kemsidilmelere sezewar edilip gamçylandylar, zynjyrlar bilen baglanyp, zyndana taşlandylar.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Geliň, bizem Onuň çydan kemsidilmelerine çydap, düşelgeden daşary – Onuň ýanyna gideliň,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ