Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:16 - Mukaddes Kitap

16 Goý, ol adam Rebbiň gaýgyrman ýumran şäherleri kimin bolsun! Säher dady-perýat, günortan ahy-nala eşidilsin!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Гой, ол адам Реббиң гайгырман юмран шәхерлери кимин болсун! Сәхер дады-перят, гүнортан ахы-нала эшидилсин!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:16
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üstlerine garakçylary duýdansyz dökeniňde, öýlerinden dady-perýat eşidilsin. Çünki meni tutmak üçin çukur gazdylar, aýagymyň astyna gizlin duzak gurdular.


emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin.


Iýerusalimiň pygamberleriniň arasynda-da aýylganç zat gördüm: olar zyna edýärler, ýalana eýerýärler, ýamanlyk edýänleri güýçlendirýärler, şeýdip, hiç kim erbetlikden el çekmeýär. Meniň üçin olaryň ählisi Sodom kimin, boldy Iýerusalimiň ilaty Gomora kimin.


Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.


Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi? Eý, ölüm, hany seniň gyrgyn keseliň? Eý, ölüler dünýäsi, hany seniň weýrançylygyň? Nazarymdan rehimi aýraryn.


Söweş günündäki galmagaldan ýaňa, harasat günündäki tüweleý içinde Rabanyň diwaryna ot salaryn, ot galalaryny ýakyp kül eder.


Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn, ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder. Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa, Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.


Men Sodom bilen Gomorany ýumruşym ýaly, araňyzdaky köp şäherleri-de ýykyp ýumurdym. Siz otdan çykarylan kesindi mysaly bolduňyz, emma şonda-da Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».


Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi.


Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderişini görüp:


„Kükürt! Duz! Tutuş ýurt ýanýar! Hiç zat ekilmez, hiç zat gögermez, gaýdyp hiç hili ösümlik ösmez. Reb gazap atyna atlanyp, Sodom, Gomora, Adma we Seboýym galalaryny ýok edişi ýaly ýykyp-ýumurdy!“ diýerler.


Sodom we Gomora şäherlerini ýakyp-ýandyryp weýran etdi we bulary geljekde hudaýsyzlara näme boljakdygyny bilmäge sapak bolsun diýip etdi.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ