Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:12 - Mukaddes Kitap

12 Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň! Dawamy Saňa mälim edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Эй, Хөкмүрован Реб, догры адамлары сынаян, йүреклери гөрйән ве пикирлери окаян Сенсиң! Давамы Саңа мәлим эдйәрин, олардан алҗак өҗүңи гөрейин!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:12
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Ýowaş Zekarýanyň kakasy Ýehoýadanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaman, onuň ogluny öldürdi. Zekarýa ölmeziniň öň ýanynda: «Reb muny görüp, hasabyny sorasyn!» diýdi.


Olar şeýle diýýär: «Dilimiz arkaly üstün çykarys, agyz özümiziňki – kim bize hojaýyn çykýan?»


Reb meniň gaýam, galam hem Halasgärim, Hudaýym – pena edinýän gaýam, galkanym, ýeňşim hem-de berkitmäm.


Diýdim: «Wah, kepderi kimin ganatlarym bolsady! uçup gidip, asudalykda bolardym.


Eý, Güýjüm, men Saňa intizardyryn, eý, Hudaý, Sen – meniň berkitmäm.


Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».


Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.


Reb halklara höküm çykarýar; ýa Reb, dogrulygym bilen päkligime görä, Sen meni akla.


Reb şeýle diýýär: «Özümi tanaýanlaryň ýanynda Men Rahaby we Babyly agzaýyn, Pilişt, Sur, Efiopiýa ýurtlaryny ýatlaýyn; Diýýärler: „Bu adam Sionda doglan“».


Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy.


Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!


Emma, eý, adalatly höküm edýän, ýürekleri we pikirleri synaýan Hökmürowan Reb! Dawamy Saňa aýan edýärin, olardan aljak öjüňi göreýin!


Mirasym Meniň üçin tokaýdaky arslan kimin boldy. Maňa tarap nagra çekdi, şonuň üçin Men ony ýigrenýärin.


«Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn».


Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.


Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.


Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen ejir çekýänler ýagşylyk etmegini dowam etdirip, özlerini sadyk Ýaradana tabşyrsynlar.


Eý, gökler, şatlanyň! Eý, Hudaýyň halky, resullar we pygamberler, şatlanyň! Babylyň size edenleri üçin Hudaý ony jezalandyrdy».


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň çakyr-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ