Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 20:11 - Mukaddes Kitap

11 Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Эмма Реб батыр сөвешиҗи кимин мениң билендир, шонуң үчин мени ызарлаянлар бүдрәрлер, еңип билмезлер. Үстүнлик газанып билмәндиклери үчин, олар эрбет утанҗа галарлар. Оларың утанҗы эбедилик болар, хич вагт унудылмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 20:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Taňry, eşit sesimi, dat-perýatlarymyň sesini gulagyň diňlesin ünsli.


Ysraýylyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun ezelden ebedä çenli! Omyn! Omyn!


Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.


Reb eşitdi meniň ýalbaryşymy, kabul edýär Reb meniň dogamy.


Gelip görüň Hudaýyň edenlerini: Ol ynsanlar arasynda edýän işlerinde haýbatly.


Halklar şatlansyn, joşup nagmalar aýtsyn, çünki Sen halklara adalatly kazylyk edýärsiň, ýer ýüzündäki halklara Sen ýol görkezýärsiň. Sela


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler; ählisi bile ryswa bolar olaryň.


Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim.


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


«Ýa Reb, Özüň bilýärsiň. Meni ýada sal, ýardam et maňa. Meni yzarlanlardan arymy alaýyn. Olara sabyr-takatly bolma, meni öldürmeklerine ýol berme. Bu kemsidilmelere Seniň hatyraň üçin çydaýandygymy bilgin.


Men seni bu halk üçin bürünçden berk diwar ederin. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma ýeňip bilmezler. Halas etmek, ölümden gutarmak üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr.


Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.


Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.


Üstüňize hiç wagt unudylmajak ebedilik utanç we tükeniksiz ryswalyk getirerin».


Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.


Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ