Olara: „Eý, Ýahuda patyşalary bilen Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň“ diý. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men bu ýeriň üstünden şeýle bir betbagtlyk indererin welin, ony eşidenleriň gulaklary şaňlar.
Ysraýyl Reb üçin mukaddes halkdyr, Onuň hasylynyň ilkinji miwesidir. Ondan iýenleriň ählisi ýazykly bolup, üstlerinden betbagtlyk indi“. Muny Reb aýdýandyr.
«Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok.