Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:37 - Mukaddes Kitap

37 Reb ret etdi bil baglaýan halklaryňy, indi rowaçlyk gazanmarsyň olaň üsti bilen. Çykarsyň eliňi ýüzüňe tutup, ol ýerden hem“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Реб рет этди бил баглаян халкларыңы, инди ровачлык газанмарсың олаң үсти билен. Чыкарсың элиңи йүзүңе тутуп, ол ерден хем“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:37
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Uryýa: «Bu günem şu ýerde bol, ertir men seni yzyňa ugradaryn» diýdi. Şunlukda, Uryýa ol gün hem Iýerusalimde galdy.


Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.


Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».


Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.


Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.


Ýurtda ýagyş ýagmansoň, toprak çat açdy. Muňa daýhanlar utanyp, başlaryny büreýärler.


Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun!


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Liwana çyk-da, perýat et. Başanda sesiňi gatalt, Abarymdan perýat et, çünki ähli oýnaşlaryň gyryldy.


Reb şeýle diýýär: «Bu adamy zürýatsyz, ömründe işi oňuna bolmajak adam diýip ýazyň. Çünki indi onuň neslinden hiç kimiň işi oňuna bolmaz, hiç biri Dawut tagtynda oturmaz we Ýahudada höküm sürmez».


Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr».


Kömege biderek garaşmakdan gözlerimiz küteldi. Biz sakçylyk diňinde köp garaşdyk, halas etmeýän millete garaşan ekenik.


Emma Musa olara şeýle diýdi: «Näme üçin siz Rebbiň buýrugyna garşy gitmegiňizi dowam edýärsiňiz? Onyňyz başa barmaz!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ