Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:34 - Mukaddes Kitap

34 Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan, ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam. Bu zatlaryň baryna garamazdan,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Этегиң-де бигүнә гарыбың ганына боялан, оны сен огурлыкда тутмадың ёгсам. Бу затларың барына гарамаздан,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:34
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy.


«Bir adam öküz ýa-da goýun ogurlap, ony soýsa ýa-da satsa, ol bir öküze derek bäş öküz, bir goýna derek dört goýun bermeli. Eger onuň hiç zady ýok bolsa, ogurlan zatlary üçin ol özüni gulçulyga satmaly.


Eger ogurlanan mal ogrynyň emläginiň içinden diri tapylsa, ol isle öküz bolsun, isle eşek ýa-da goýun bolsun, ogry onuň üçin iki esse tölemelidir.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Siziň elleriňiz gan bilen, barmaklaryňyz etmişler bilen haramlandy; dilleriňiz ýalan sözleýär, pis sözler çykýar agzyňyzdan.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar.


Sen oýnaşlaryňy gözläniňde, ýoluňy tapmaga nähili ussat! Hatda pis aýala-da ýollaryňy öwretdiň.


Olar özlerini bihaýa alyp baryp, nejis işler etdiler, emma muňa utanmadylar. Utanyp gyzarmagyň nämedigini bilmediler. Şonuň üçin olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda, ýer bilen ýegsan bolarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.


gelmişege, ýetim bilen dul hatyna zulum etmeseňiz, bu ýerde nähak gan dökmeseňiz, özüňize zyýan ýetirýän başga hudaýlaryň yzyna düşmeseňiz,


Nejis işleri edenlerinde utandylarmy? Ýok, asla utanmadylar. Ýüz gyzarmanyň nämedigini hem bilmediler. Şonuň üçin hem olar-da heläk bolup, ýykylanlaryň arasyna ýykylarlar, jezalandyranymda ýer bilen ýegsan bolarlar. Muny Reb aýdýandyr.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


Kör kimin köçelerde entediler, gan bilen haram boldular. Muňa görä geýimlerine el degrip bilen bolmady.


Siz bu güne çenli ogullaryňyzy otda gurbanlyk hökmünde hödür edip, ähli butlaryňyz bilen özüňizi haram edýärsiňiz. Şundan soň, eý, ysraýyl halky, Men size Özüme maslahat saldyrarynmy? Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men size maslahat bermerin.


Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.


Emma dogruçyl adamlar olara zynahor we ganhor aýallaryňky ýaly höküm çykararlar, sebäbi olar zynahordurlar we ellerini gana buladylar».


Şäheriň gany onuň ortasyndadyr; ol ony ýalaňaç gaýanyň üstüne dökdi; ony gum bilen örter ýaly ýere dökmedi.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ