Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:33 - Mukaddes Kitap

33 Sen oýnaşlaryňy gözläniňde, ýoluňy tapmaga nähili ussat! Hatda pis aýala-da ýollaryňy öwretdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Сен ойнашларыңы гөзләниңде, ёлуңы тапмага нәхили уссат! Хатда пис аяла-да ёлларыңы өвретдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:33
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem has köp pis işleri etdiler.


Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.


Heý-de gyz öz şaý-seplerini, gelin öz kürtesini unudarmy? Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.


Etegiň-de bigünä garybyň ganyna boýalan, ony sen ogurlykda tutmadyň ýogsam. Bu zatlaryň baryna garamazdan,


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim.


Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň.


Bagal butuna tütetgi ýakan günleri üçin, ony jezalandyraryn. Şol wagt özüni halkadyr ýüzükler bilen bezäp, oýnaşynyň yzyndan kowalady. Meni bolsa unutdy». Muny Reb aýdýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ