Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:32 - Mukaddes Kitap

32 Heý-de gyz öz şaý-seplerini, gelin öz kürtesini unudarmy? Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Хей-де гыз өз шай-сеплерини, гелин өз күртесини унудармы? Эмма халкым Мени сансыз гүнләп унутды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:32
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Düýeler suwdan gananlaryndan soň, Ybraýymyň hyzmatkäri agyrlygy bir mysgaldan gowrak bolan tylla burun halkasyny we her taýy on mysgal bolan goşa tylla bilezigi gyza berdi.


Ol Rebeka altyndyr kümüş, şaý-sepler we geýimler çykaryp berdi, onuň ejesi bilen erkek doganyna-da gymmatbaha sowgatlar etdi.


Eý, Ysraýyl gyzlary, aglaň, Şawul üçin aglaň! Al-elwan geýdiren üçin, geýimiňizi zer bilen nagyşlan üçin aglaň!


Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin,


Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy – erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela


Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň, Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň. Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de, özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,


Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar.


Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.


Sen oýnaşlaryňy gözläniňde, ýoluňy tapmaga nähili ussat! Hatda pis aýala-da ýollaryňy öwretdiň.


Bagal sebäpli ata-babalar Meniň adymy unutdylar. Indi bu pygamberler hem biri-birine gürrüň berýän düýşleri arkaly halkyma Meniň adymy unutdyrjak bolýarlar.


Ýalaňaç gaýalardan bir ses eşidilýär, bu ysraýyl halkynyň agysy hem ahy-nalasydyr. Çünki olar ýollaryny urdurdylar, özleriniň Hudaýy Rebbi unutdylar.


Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy. Özüne köşkler gurdy. Ýahuda hem galalary köpeltdi. Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin. Galalaryny ot ýuwudar».


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


Men Mukaddes Şäheri – täze Iýerusalimi gördüm. Ol gökden, Hudaýyň huzuryndan inip gelýärdi. Täze Iýerusalim öýlenýän ýigit üçin bezenip-beslenip gelýän gelne meňzeýärdi.


Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ