Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:31 - Mukaddes Kitap

31 Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Эй, бу дөврүң несиллери, Реббиң сөзүне гулак гоюң. Мен Ысрайыл үчин бир чөллүк, болдуммы түм гараңкы юрт? Нечүн диййәр халкым: ‘Биз эркин, бармарыс яныңа гайдып’?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:31
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraon ondan: «Ýurduňa gitmekçi bolar ýaly, meniň ýanymda näme kemiň bar?» diýip sorady. Ol: «Kem zadym ýok, ýöne maňa hökman gitmäge rugsat ber» diýip jogap berdi.


Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan zat köp».


Pisler Hudaýa şeýle diýýärler: „Bizi öz günümize goý! Çünki biz Seniň ýoluňy öwrenmek islemeýäris.


Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.


Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym! Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly.


Men gizlinlikde, tümlük mekanynda geplemedim, Ýakubyň nesline: «Meni çola ýerden agtaryň» diýmedim. Men – Rebbiň sözleýäni hakykatdyr, dogrulykdyr beýan edýäni.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Aýagyňy ýalaňaçlykdan, bogazyňy suwsuzlykdan gora. Emma sen: ‘Tamakin bolma! Men keseki hudaýlary söýdüm, olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň.


Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.


Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy, dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp, olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär. Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp, kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.


Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».


Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Reb gala seslenýär, (Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr). Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!


Siz eýýäm doýup, aşa düşüpsiňiz! Siz eýýäm baýapsyňyz! Bizsiz höküm sürdüňiz. Wah, käşgä dogrudan-da höküm sürsediňiz! Şonda biz-de siziň bilen bile höküm sürerdik.


Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.


Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, ret etdi Halasgär Gaýasyny.


Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ