Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:28 - Mukaddes Kitap

28 Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Ханы, өзүңизе ясан худайларыңыз ниреде? Башыңыздан бела иненде, сизи халас эдип билйән болсалар, гой, гелсинлер. Эй, яхуда халкы, шәхерлериң саны нәче болса, худайларыңың саны хем шончадыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:28
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Sen näme üçin meniň ýanyma gelýärsiň? Sen kakaňyň, ejeňiň pygamberleriniň ýanyna git» diýdi. Emma Ysraýyl patyşasy Ýoram oňa: «Ýok, Rebbiň hut özi bizi, üç patyşany diňe Mowabyň eline bermek üçin bir ýere ýygnan eken» diýdi.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


hudaýlar egilýärler, dyza çökýärler, heýkellerini halas edip bilmän, özleri sürgün edilýärler.


Ony gerişlerine alyp göterýärler, ýerinde goýýarlar, ol şol ýerde durýar, ýerinden gozganyp bilmeýär. Jogap bermeýär oňa perýat edenlerinde, hiç bir beladan gutarmaýar.


Perýat edeniňizde, toplan butlaryňyz sizi halas etsin, olary ýel süpürip äkider, şemal uçuryp äkider olary. Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner, Meniň mukaddes dagymy miras alar.


Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


Onsoň Iýerusalimiň we Ýahuda şäherleriniň ilaty gidip, özleriniň sadaka beren hudaýlaryna dady-perýat ederler, emma betbagtlyk gelende, bu hudaýlar olary asla halas etmez.


Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz.


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


„Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede?


Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.


Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.


Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.


Soňra Ol diýer: „Hany, bularyň hudaýlary nirede? Hany olaryň bil baglan gaýasy?


Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ