Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Tutulanynda ogrynyň utanyşy dek, ysraýyl halky-da, onuň patyşalary-da, ýolbaşçylarydyr ruhanylary-da, pygamberleri-de utandylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Тутуланында огрының утанышы дек, ысрайыл халкы-да, онуң патышалары-да, ёлбашчыларыдыр руханылары-да, пыгамберлери-де утандылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:26
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.


Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.


Höwes eden keramatly agaçlaryňyz üçin utanarsyňyz, saýlan baglaryňyz üçin ýüzüňiz gyzarar.


Ine, onuň ähli ýoldaşlary utandyrylar, hünärmentleriň özleri adamlardyr. Ählisi ýygnanyşyp, ählisi bile dursunlar; dowla düşer olar, utanja galar.


But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar.


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Ähli ýolbaşçylaryňy ýel äkider, oýnaşlaryň sürgün ediler. Şonda eden pislikleriňden ýaňa, utanja galyp, bolarsyň ryswa.


«Şol gün patyşanyň we baştutanlaryň ýüregi hopugar. Ruhanylar aňk-taňk bolarlar, pygamberler geň galarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Siz ysraýyl halkynyň üstünden gülmediňizmi? Eýsem, ol ogrular bilen bile tutuldymy? Näme ol hakda gürrüň edeniňizde, başyňyzy ýaýkaýarsyňyz?


Şonda sen öz utanjyňy çekersiň, eden ähli işleriňe utanyp, olara teselli bolarsyň.


Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum.


Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ