Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:25 - Mukaddes Kitap

25 Aýagyňy ýalaňaçlykdan, bogazyňy suwsuzlykdan gora. Emma sen: ‘Tamakin bolma! Men keseki hudaýlary söýdüm, olaryň yzyna eýererin!’ diýdiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Аягыңы ялаңачлыкдан, богазыңы сувсузлыкдан гора. Эмма сен: ‘Тамакин болма! Мен кесеки худайлары сөйдүм, оларың ызына эерерин!’ дийдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:25
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaz patyşa betbagtçylykly pursatlarynda Rebbe hyýanatçylygyny has-da artdyrdy.


Ahaz özüni ýeňlişe sezewar eden Damask hudaýlaryna gurbanlyk berip, şeýle diýdi: «Siriýa patyşalarynyň hudaýlarynyň olara ýardam edişleri ýaly, maňa-da ýardam etmekleri üçin, men olara gurbanlyk bererin». Emma ol hudaýlar Ahazyň we tutuş Ysraýylyň başyndan betbagtçylyk inderdi.


Sen Öz halkyňy, ýagny Ýakubyň neslini terk etdiň. Olar gündogaryň palçylaryndan, piliştlileriňki ýaly müneçjimlerden doly, keseki halk bilen el berişýärler olar.


Uzak ýollar sizi ýadatdy, emma: «Bu biderek» diýmediňiz siz. Güýjüňizi gaýtadan dikeldip, tapdan düşmediňiz.


Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Bu halk hakda Reb şeýle diýýär: «Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar, aýaklaryna dynçlyk bermediler. Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin. Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn, günäleri üçin jezalandyraryn».


Emma olar: „Bidereklik! Biz öz pikirlerimize eýereris, kesirlik bilen öz erbet niýetlerimize görä hereket ederis“ diýerler.


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Liwana çyk-da, perýat et. Başanda sesiňi gatalt, Abarymdan perýat et, çünki ähli oýnaşlaryň gyryldy.


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Tersine, biz ähli zady öz eden kasamymyza laýyk ederis. Asman melikesine tütetgi ýakarys we oňa içgi sadakasyny hödürläris. Biziň özümiz, ata-babalarymyz, patyşalarymyz we ýolbaşçylarymyz Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde näme eden bolsak, şony hem ederis. Şol döwürde biz bolelin iýip-içerdik, gülläp öserdik, ýamanlyk garasyny görmezdik.


Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular.


Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär.


Siz: „Agaja we daşa sygynyp, biz-de beýleki milletler ýaly, başga ýurtlardaky taýpalar ýaly bolarys“ diýýärsiňiz, emma akylyňyzda aýlaýan bu zatlaryňyz amala aşmaz.


Aýyrmasa Men ony edil doglan wagtyndaky ýaly çuw-ýalaňaç ederin. Ony boş çöle, gury topraga öwrerin. Teşnelikden öldürerin.


Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň.


Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär.


Biz halas edilenimiz üçin, indi bu umydymyz bardyr. Ýöne göze görnüp duran umyt asla umyt däldir. Görüp duran zadyna umyt baglaýan barmy näme?


Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ