Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Сен нәдип: ‘Мен харам дәл. Багал бутуның ызына эермедим’ дийип билйәрсиң? Җүлгеде эден гүнәңе серет, нәме эдениңи гөр! Сен өзүни ол ере, бу ере урян йылдам маясың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:23
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu ýahudylar üçin bagt hem şatlyk, begenç hem hormatdy.


Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar.


Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir.


Zyna edýän aýalyň ýoly-da şeýledir: Ol iýýändir, agzyny süpürip: «Ýaman iş edemok» diýýändir.


Bu halk hakda Reb şeýle diýýär: «Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar, aýaklaryna dynçlyk bermediler. Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin. Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn, günäleri üçin jezalandyraryn».


Bu sözleriň ählisini halka ýetireniňde, olar saňa: „Näme üçin Reb biziň üstümizden bu elhenç betbagtlygy inderjegini aýtdyka? Biziň ýazygymyz näme? Hudaýymyz Rebbe garşy biz näme günä etdikkäk?“ diýerler.


Neçün yzly-yzyna edýärsiň sen dönüklik? Aşurda masgara bolşuň dek, masgara bolarsyň Müsürde hem.


Seret, ýalaňaç gaýalara nazar sal! Heý, seniň zyna etmedik ýeriň barmy? Çöldäki garakçylar ýaly ýollaryň gyrasynda oturyp, oýnaşlaryňa garaşdyň. Loluçylygyň hem pisligiň bilen ýurdy harama çykardyň.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.


Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler».


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ