Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Ekipdim seni iň oňat tohumdan saýlama üzüm agajy hökmünde. Eýsem nädip sen azyp, öwrüldiň ýabany üzüm agajyna?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Экипдим сени иң оңат тохумдан сайлама үзүм агаҗы хөкмүнде. Эйсем нәдип сен азып, өврүлдиң ябаны үзүм агаҗына?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:21
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin».


Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Biz hem ata-babalarymyz deý günä işleri etdik, ýazykly bolduk, ýamanlyk etdik.


Ýagşy sözler joşýar meniň kalbymdan, düzen şygyrlarymy patyşa aýdyp berýärin; dilim çalasyn ýazyjynyň galamy kimin.


Muşakgat içinde çagyrdyň, seni halas eýledim, gök gürrüldisinden Men jogap berdim. Meribanyň boýunda seni synadym. Sela


Diňle, eý, halkym, habardar edeýin seni: eý, Ysraýyl, wah, diňlän bolsadyň Meni!


Sen halkyňy getirip, Öz dagyňda oturdarsyň. Ýa Reb, bu ýeri Öz öýüň üçin saýlarsyň. Ýa Reb, mukaddes öýi Özüň bina edersiň.


Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Şol gün «Ajaýyp üzümçilik barada aýdym aýdyň.


Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,


Üzümçiligim üçin ýene näme edeýin Men? Edilmän galdyrylan iş barmy? Hasylyna garaşanymda, näme üçin ýabany üzüm berdi?


Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Reb saňa ‘Miwesi datly, ýaşyl ýaprakly zeýtun agajy’ diýip at berdi. Emma güýçli galmagally gopgun bilen ony oda berer, onuň şahalary ýanyp kül bolar.


Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».


«Üzümçiligiň içinden geçip, ony weýran ediň, emma bütinleý ýok etmäň. Şahalaryny döwüp taşlaň, olar Rebbe degişli däldir.


Wah, altyn nähili garaldy-la! Sap altyn nähili üýtgedi-le! Mukaddes daşlar çaşyp ýatyr her köçäniň başynda.


«Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur.


«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär.


Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär.


Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär.


Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr.


Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan, Gomora baglaryndandyr. Üzümleri zäher-zakgun, salkymlary ajydyr.


Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy.


Ýeşuwanyň ýaşan döwründe ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi. Ýeşuwadan soň ýaşap, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören garrylaryň döwründe-de ysraýyl halky Rebbe gulluk etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ