Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Сен биреййәм боюнтырыгыңы дөвүп, дийдиң танапларыңы үзүп: ‘Саңа гуллук этмерин’. Хер бир бейик байырлыкда бутлара сежде этдиң, гүр япраклы хер бир агаҗың астында зына этдиң серлип ятып.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:20
50 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran seždegählerine ruhanylar belledi.


Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.


Olar şeýle diýýär: «Sypyryp taşlalyň gandallaryny hem-de gyralyň zynjyrlaryny».


Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi.


Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Sadyk şäher nähili zynahor boldy! Ol öň adalatdan doludy, dogrulyk mesgen tutupdy onda, indi bolsa ganhorlar!


Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».


Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».


Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.


Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»


Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr.


Eý, bu döwrüň nesilleri, Rebbiň sözüne gulak goýuň. Men Ysraýyl üçin bir çöllük, boldummy tüm garaňky ýurt? Neçün diýýär halkym: ‘Biz erkin, barmarys ýanyňa gaýdyp’?


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


«Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.


Sen aşurlylar bilen-de zyna etdiň, sebäbi sen doýmaz-dolmazdyň, olar bilen-de zyna etdiň, şonda-da ganmadyň.


Her köçäniň başynda sen özüňe çadyr gurduň, her bir açyk meýdançada seždegäh saldyň. Sen beýleki lolular ýaly bolmadyň, sebäbi muzdy äsgermediň.


Öýleriňi oda ýakyp, köp aýallaryň gözleriniň alnynda saňa höküm çykararlar. Men zynagärligiňi bes etdirerin, indi gaýdyp oýnaşlaryňa muzd tölemersiň.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


Çünki olaryň ejesi zyna etdi we bilinde çaga galdyryp, özüni ryswa etdi. Çünki: „Maňa nan bilen suwumy, ýüňümi, zygyr matamy, zeýtun ýagymy hem içgimi berýän oýnaşlarymyň yzyndan gitjek“ diýdi.


Men aýala şeýle diýdim: «Sen maňa uzak garaşmaly, sen başga bilen azgynçylyk etme. Men hem saňa ýakynlaşmaryn».


Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.


«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.


Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.


Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, gandallaryňyzy kesip taşlaryn».


siziň kowup çykarjak milletleriňiziň öz hudaýlaryna hyzmat edýän beýik daglarynyň depesindäki, baýyrlyklardaky we gür ýaprakly her bir agajyň astyndaky ähli ýerlerini ýykyp ýumruň.


Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin.


Bu gün siz Rebbiň öz Hudaýyňyz bolmagyny gazanyp, Onuň ýolundan ýörejekdigiňizi, Onuň parzlarydyr tabşyryklaryny we hökümlerini ýerine ýetirip, Oňa gulak asjakdygyňyzy mälim etdiňiz.


Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“.


Olar Ýeşuwa şeýle jogap berdiler: «Bize buýran tabşyryklaryňyň ählisini ýerine ýetireris we nirä iberseň-de gideris.


Halk oňa: «Hawa, biz Hudaýymyz Rebbe gulluk ederis we Onuň sözüne boýun egeris!» diýdi.


Ýeşuwa şeýle hem bu sözleri Hudaýyň Kanun kitabyna ýazdy. Soňra ol äpet bir daşy alyp, Rebbiň mukaddes ýerindäki dub agajynyň düýbünde goýdy.


Eli käseli ýedi perişdäniň biri gelip, maňa şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň üstünden hökmürowanlyk ýöredýän uly lolynyň jezasyny görkezeýin.


Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Siriýanyň, Sidonyň, Mowabyň, Ammonyň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Olar Rebbi terk edip, Oňa gulluk etmediler.


Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler.


Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler.


Şonda ata-babalaryňyz: „Biz günä gazandyk. Rebden ýüz öwrüp, Bagal we Aştoret butlaryna gulluk etdik. Indi bizi duşmanlarymyzyň elinden al, biz Saňa gulluk etjek“ diýip, Rebbe perýat etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ