Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:2 - Mukaddes Kitap

2 «Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Гит-де, шулары Иерусалим халкына җар эт. Реб шейле диййәр дий: „Мен сениң яшлыгыңдакы вепаңы, гелин вагтыңдакы сөйгиңи ятлаян, чөлде – экин битмейән ерде, Мениң ызыма эеришиңи ятлаян.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:2
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.


Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.


Danalyk köçede gaty seslenýär, bazar ýerlerinde jar çekýär.


Eý, Sion gyzlary, daşa çykyň-da, Süleýmany toý gününde, ýürekden şat gününde ejesiniň başyna geýdiren täjine bakyň!


Tüsse sütüni deý çölden çykyp gelýän kim? Ondan täjirleriň hoşboý ysly atyrlaryndan edilen mürüň we ýakymly ysly tütetginiň hoşboý ysy bark urýar.


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


Reb maňa bu sözleriň hemmesini Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde jar et-de, şuny aýt diýdi: «Bu ähtiň sözlerine gulak asyň, olary berjaý ediň.


Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


Indi sen Maňa: „Atam, ýaşlygymdan Sen dostumsyň!


«Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“.


Ähli nejis işleriňde, zynagärligiňde ýaşlyk günleriňi, alaň-açyk we ýalaňaç bolup, ganyňa bulaşan wagtyňy ýatlamadyň“».


Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Oholyba Müsür ýurdunda zynagärlik eden ýaşlyk günlerini ýatlamak üçin zynagärligini has artdyrdy.


Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy.


Müsürliler bilen hem zynagärligini goýmady. Ol ýaşka müsürliler onuň bilen ýatdylar, gyz göwüslerini gysymladylar we zynalaryny onuň üstüne dökdüler.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Ol ýerde Men oňa üzüm bagyny bererin. Akor deresini Umyt geçelgesine öwrerin. Şonda ýaşlyk günlerinde bolşy ýaly, Müsür topragyndan çykanda bolşy kimin, aýdymlar aýdar.


«Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.


Ol oýnaşlarynyň yzyndan kowalar, Ýöne olaryň yzyndan ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol aýdar: „Ilkinji ärimiň ýanyna dolanaryn, çünki öňki ýagdaýym häzirkimden gowudy“.


«Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


«Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».


Mähelläniň arasyndan biri Isa: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi.


Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.


Ýa Reb, Sen dogrudan-da halkyňy söýýärsiň! Ähli perişdeler goluň astynda. Olar aýagyňa ýykylyp, Senden görkezme alýarlar.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ