Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:19 - Mukaddes Kitap

19 Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Сизи өз пислигиңиз җезаландырар, дөнүклигиңиз паш эдер. Өз Худайыңыз Ребби терк этмегиң, Ондан горкмазлыгың писликдигини, аҗыдыгыны билиң хем гөрүң. Муны Гудратыгүйчли-Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:19
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz.


Şemagýa pygamber Şişak zerarly Iýerusalime ýygnanan Rehabgamyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Siz Meni terk etdiňiz, Men hem sizi terk edip, Şişagyň eline berdim“».


Şeýdip, Edom şu güne çenli hem Ýahuda garşy gozgalaň turzup, oňa garaşsyz bolup gelýär. Edil şol wagtda Libna galasy hem Ýahudanyň garşysyna uruş turuzdy, çünki Ýehoram ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi ret edipdi.


Pygamber sözleýärkä, patyşa oňa: «Biz seni patyşa maslahatçy edip belledikmi? Bes et! Ýogsam öldürilersiň» diýdi. Pygamber: «Seniň şeýle edip, meniň maslahatyma gulak goýmandygyň üçin, Hudaýyň seni öldürmegi karar edendigini men bilýärin» diýip, sözüni bes etdi.


Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma.


Şol sebäpli ysraýyllar şaý-sep dakynmalaryny goýdular. Olar Horep dagyndan çykyp gaýtdylar.


Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.


Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.


Erbetler öz etmişinde tutulyp, günälerine baglanýarlar.


Ýüz keşpleri özleriniň garşysyna şaýatlyk edýär, günälerini Sodom ýaly äşgär edýärler, olary ýaşyrmaýarlar, olaryň dat gününe! Betbagtçylygy satyn aldylar olar.


Indi Men size üzümçiligime näme etjekdigimi aýdaryn. Men onuň haýadyny aýraryn, ol weýran ediler; onuň diwaryny ýykaryn, ony basgylap zaýalarlar.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi, inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».


Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».


Olar muny ýürekden diýmeýärler: «Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz möwsüminde ýagdyrýan, biz üçin orak-ýygym hepdelerini saklaýan Hudaýymyz Rebden gorkalyň».


Şonuň üçin olaryň ýazyklarynyň sansyzdygy, dönükliginiň çökderdigi üçin tokaýdan arslan çykyp, olary parçalar, çölden bir möjek çykyp, olary heläklär. Şäherleriniň gapdalynda bir gaplaň bukuda ýatyp, kim ol ýerden daşa çyksa, bölek-bölek eder.


Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Näme üçin bu halk ýoldan çykdy? Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär. Olar ýalana berk ýapyşyp, yza dolanmakdan boýun towlaýar.


Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim».


Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.


Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?


Samariýa halky öz günäsiniň jezasyny çeker. Çünki Hudaýa garşy çykdylar. Olar gylyçdan heläk bolarlar. Balalary ýere ýazylyp parçalanar. Hamyla aýallarynyň garny ýarylar.


Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?


Ysraýylyň tekepbirligi özüne garşy şaýatlyk edýär. Ysraýyl hem Efraýymyň günälerine büdräp ýykylar. Ýahuda hem birlikde ýykylar.


Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.


«Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.


Men siziň baýramyňyzy ýasa, aýdymlaryňyzy ahy-nala öwrerin. Her bile jul guşagyny guşadaryn, her başyň saçyny syrdyraryn. Şol güni ýalňyz ogluň ýas güni kimin ederin, onuň soňuny ajylyk bilen gutararyn».


Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samariýa dälmi? Ýahudanyň butlara seždegähi nirede? Iýerusalimde dälmi?


Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.


Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ