Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:17 - Mukaddes Kitap

17 Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi, inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Терк этдиң ёл гөркезйән Худайың Ребби, индердиң шейдип өз башыңдан булары.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:17
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Süleýman, oglum, sen bolsa ataňyň Hudaýyny tana, Oňa ak ýürekden höwes bilen gulluk et. Çünki Reb her bir kalby synaýandyr hem ähli niýet-hyýallary bilýändir. Ony agtarsaň taparsyň, ýöne terk edäýseň welin, Ol senden müdimilik ýüz öwrer.


Azarýa Asanyň öňünden çykyp, oňa şeýle diýdi: «Eý, Asa, ähli ýahudalar bilen benýaminler, maňa gulak asyň! Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder.


Çünki olar Onuň yzyna eýermediler, Onuň ýollaryny äsgermezlik etdiler.


Görşüme görä pislik sürümini geçirip, hasraty ekýänler, şony-da orýandyrlar.


Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Dogry ýoly terk edýän berk jeza alar, terbiýäni ýigrenýän ölüme barar.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.


Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.


Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar.


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Bulary seniň başyňa getiren öz ýollaryň we işleriňdir. Bu seniň jezaň! Nähili ajy! Bu seniň ýüregiňiň törüne ýetdi».


Etmişleriňiz bulary sizden uzaklaşdyrdy, günäleriňiz sizi ýagşylykdan mahrum etdi.


Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim».


Men seni ýok ederin, eý, Ysraýyl. Kim saňa kömek eder?


Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samariýa dälmi? Ýahudanyň butlara seždegähi nirede? Iýerusalimde dälmi?


Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.


Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, gözüniň göreji deý gorap saklady.


Muny gören Rebbiň olara gahary geldi, olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ