Seret, ine, sen döwük gamyş kysymly Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin şeýledir.
Faraon Neko Iýerusalimde patyşalyk etmesin diýip, Hamat ýurdunyň Ribla diýen ýerinde, Ýehogahazy ýesir aldy. Ol ýurduň başyna bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy.
«Müsürde yglan ediň, Migdolda eşitdiriň, Memfisde we Tahpanhesde eşitdirip, şeýle diýiň: „Taýýar boluň, ornuňyzda duruň, gylyç daşyňdakylary gyryp gutarýar“.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn.
Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Memfis şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.