Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.
Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».
«Halk senden: „Näme üçin Hudaýymyz Reb bize bu zatlary etdi?“ diýip sorasa, sen olara şeýle jogap ber: „Siz Ony terk edip, ýurduňyzdaky keseki hudaýlara gulluk etdiňiz. Indi siz hem özüňize degişli bolmadyk bir ýurtda kesekilere gulluk edersiňiz“.