Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Чүнки Мениң халкым ики саны пис иш этди: акар сувларың гөзбашы болан Мени терк этдилер, өзлерине ховданлар, гырасы чат ачан, сув сакламаян ховданлар газдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:13
49 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“.


Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.


Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.


Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.


Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.


Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.


Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk!


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Öküz öz eýesini tanaýar, eşek-de eýesiniň ahyryny, emma Ysraýyl Meni tanamaýar, halkym Maňa düşünmeýär».


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý, şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.


Munuň üçin halkym nadanlykdan ýesir edilip äkidiler, at-abraýly adamlary açlykdan öler, köpleri bolsa teşnelikden gyrlar.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Ol: «Elbetde, olar Meniň halkym, Meni aldamajak ogullardyr» diýdi. Şeýdip, olaryň Halasgäri boldy.


Olaryň Menden ýüz öwrüp eden ähli pislikleri üçin, başga hudaýlara sadakalar berip, öz elleriniň ýasan işlerine sežde edendikleri üçin, Men olaryň garşysyna Öz hökümimi yglan ederin.


Han-begleri hyzmatkärlerini suw getirmäge iberýärler. Olar guýa gelip, suw tapmaýarlar, yzlaryna boş küýzeli dolanýarlar. Olar aljyraňňylyga düşüp, utanç içinde başlaryny büreýärler.


«Sen Meni ret etdiň, yza tesdiň. Men hem elimi saňa garşy galdyryp, seni ýok ederin. Merhemet etmekden halys ýadadym. Muny Reb aýdýandyr.


Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler».


Liwanyň gary onuň beýik gaýalaryny, heý, terk edermi? Onuň uzakdan akýan sowuk bulaklary heý kesilermi?


Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar.


Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.


Terk etdiň ýol görkezýän Hudaýyň Rebbi, inderdiň şeýdip öz başyňdan bulary.


Tutulanynda ogrynyň utanyşy dek, ysraýyl halky-da, onuň patyşalary-da, ýolbaşçylarydyr ruhanylary-da, pygamberleri-de utandylar.


«Meniň halkym akmak, olar Meni tanamaýarlar. Olar kemakyl çagalar, olarda düşünje ýok. Olar ýamanlyk etmegi başarýarlar-da, ýagşylyk etmegiň nämedigini bilenok».


«Meniň halkymyň arasynda erbet adamlar bar. Olar guş awlamak üçin, bukuda ýatýanlar ýaly duzak gurup, ynsanlary tutýarlar.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».


Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi.


Emma siz halkymyň garşysyna duşman kimin aýaga galýarsyňyz. Söweşden gelýänleriň, asuda geçip barýanlaryň egninden donlaryny sypyrýarsyňyz.


«Eý, halkym, Men saňa näme etdim? Nämede saňa ýük boldum? Maňa jogap ber!


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Aýal Oňa: «Eý, Aga, Seniň suw çeker ýaly hiç zadyňam-a ýok, guýy bolsa çuň, ýaşaýyş suwuny nireden aljak?


Emma Meniň berjek suwumdan içen asla suwsamaz. Tersine, Meniň berjek suwum onuň içinde baky ýaşaýyş çeşmesine öwrüler» diýdi.


Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin.


Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl.


Şonda ata-babalaryňyz: „Biz günä gazandyk. Rebden ýüz öwrüp, Bagal we Aştoret butlaryna gulluk etdik. Indi bizi duşmanlarymyzyň elinden al, biz Saňa gulluk etjek“ diýip, Rebbe perýat etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ