12 Eý, gökler, muňa aňk-taňk boluň, gorkudan titreşiň. Muny Reb aýdýandyr.
12 Эй, гөклер, муңа аңк-таңк болуң, горкудан титрешиң. Муны Реб айдяндыр.
Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler.
Doňup galyň, gatap galyň! özüňizi kör ediň, göreçden galyň, serhoş boluň, ýöne şerapdan däl, entirekläň, ýöne çakyrdan däl.
Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Milletler arasynda soraň, bular ýaly zady kim eşidipdir? Ysraýyl boý gyzy örän elhenç iş etdi.
Eý, ýurt, ýurt, ýurt! Rebbiň sözüni eşit!
Men–Ýermeýa ýere syn etdim, ine, ol şekilsiz boşlukdy. Asmana bakdym, onda yşyk ýokdy.
Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler.
Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary, Rebbiň dawasyna gulak asyň! Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar, Ol Ysraýyl bilen haklaşar.
Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.
«Eý, asman, gulak goý, Men sözläýin. Eý, zemin, aýdýanlarymy eşit.