Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Өз худайларыны чалшан миллет бармы? Ёгсам оларың худайлары Худаям дәл. Эмма Мениң халкым өз шөхратлы Худайыны чалышды бидерек зада.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:11
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Rebbiň perişdesi tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi: «Git-de, Samariýanyň patyşasynyň çaparlarynyň öňünden çykyp, olara: „Siz Piliştiň Ekron galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diý.


Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar.


Ol sözüni iberdi we şypa berdi, olary gabra inmekden halas eýledi.


Gutulyş pyýalasyny galdyryp, Rebbim diýip Ony çagyraryn.


Köpler men babatda: «Hudaý ony halas etmez» diýýärler. Sela


Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.


Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy? Olar hudaý däl ahyryn!


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Milletler arasynda soraň, bular ýaly zady kim eşidipdir? Ysraýyl boý gyzy örän elhenç iş etdi.


Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular.


Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler.


«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.


Şeýdip, butlary zerarly Maňa keseki bolan bütin ysraýyl halkynyň ýüregini täzeden Özüme tarap öwrerin“».


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz töweregiňizdäki milletlere garanda has beter pitneçi bolduňyz, parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, hatda siz tutuş daş-töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä-de hereket etmediňiz».


Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.


baky Hudaýa sežde etmän, pany adamyň, guşlaryň we süýrenijileriň keşbindäki butlara sežde etdiler.


Şunlukda, butlara gurbanlyk berlen eti iýip-iýmezlik barada şuny aýtmakçy. Siziň: «But aslynda hiçdir. Ýeke-täk bir Hudaý bardyr» diýýäniňiz dogrudyr.


Siz öň Hudaýy tanamaýardyňyz. Şol döwürde siz galp hudaýlaryň guludyňyz.


Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl! Seniň ýaly barmy başga? Sen Rebbiň halas eden halkysyň! Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr! Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler, sen olaryň arkasyndan basarsyň».


Ata-babalaryňyzdan miras alan bu puç durmuşyňyzdan altyn-kümüş ýaly pany zatlar arkaly halas bolmandygyňyzy bilýänsiňiz.


Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ