Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 2:10 - Mukaddes Kitap

10 Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň, Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň. Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Киприң кенарякаларына гидип гөрүң, Кедара адам ёллап, үнс билен гөзден гечириң. Сер салың, хей, өң болупмы шейле затлар?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 2:10
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uludan kiçä Ysmaýylyň ogullarynyň atlary şunuň ýalydyr: nowbahar ogly Nebaýot, soňra Kedar, Adbeýel, Mibsam, Mişma, Duma, Masa, Hadat, Teýma, Ýetur, Napyş we Kedema.


Onsoň ähli halklar: „Çünki ysraýyl halky ata-babalaryny Müsür ýurdundan çykaran özleriniň Hudaýy Rebden ýüz dönderip, başga hudaýlara tarap öwrülip, olara sežde etdiler, olara hyzmat etdiler. Şonuň üçin hem Reb bu betbagtçylygy olaryň başyndan inderdi“ diýerler».


Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.


Dawut öz durmuşyndan razy bolup, ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa etdi.


Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron, Uzyýel – jemi dört.


Reb seniň Arkadagyňdyr, Reb sagyňdaky kölegäňiňdir.


Reb maňa şeýle diýýär: «Hakyna tutma işçiniň möhleti ýaly bir ýylyň dowamynda Kedaryň şan-şöhraty söner.


Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.


Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň basyp alan Kedar we Hasor patyşalyklary hakynda Reb şeýle diýýär: «Turuň, Kedara hüjüm ediň, gündogar halkyny ýok ediň.


Sen nepis geýimleriňden özüňe owadan seždegähler salyp, olaryň üstünde zyna etdiň, beýle zat öň bolan däldir we indi hem bolmaz.


Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler.


Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz töweregiňizdäki milletlere garanda has beter pitneçi bolduňyz, parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, hatda siz tutuş daş-töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä-de hereket etmediňiz».


Şundan soňra ol ünsüni kenar ýakasyndaky şäherlere tarap öwrer we olaryň köpüsini basyp alar. Ýöne bir serkerde onuň kemsitmeleriniň soňuna çykar, gopbamsylygy üçin jezasyny berer.


Kitim gämileri oňa garşy çykar. Onsoň ol ruhdan düşüp, yzyna öwrüler. Ol gazap atyna atlanyp, mukaddes ähte garşy hereket eder we mukaddes ähte hyýanat edenlere hormat goýar.


Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter».


Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn.


Ol çaparlar ýollap, olara muny görenlere şuny aýtmagy tabşyrdy: «Ysraýyllaryň Müsürden gelen gününden bäri, munuň ýaly zat görlüp-eşidilmändi. Indi oýlanyp görüň, maslahatlaşyp, biziň näme etmelidigimizi aýdyň».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ