Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 19:8 - Mukaddes Kitap

8 Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мен бу шәхери харабачылыга өврүп, рысва эдерин. Ол ерден гечйәнлериң барыны горкы басар ве онуң башындан инен әхли бела-бетерлер себәпли оңа сыкылык чаларлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 19:8
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.


Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar.


Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.


Çünki Öz barlygymdan ant içýärin, Bosra howpa, masgaraçylyga, harabaçylyga, nälete sezewar bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar.


Halklar arasyndaky täjirler saňa sykylyk atdylar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».


Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.


Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.


Sizden soňky nesiller, siziň çagalaryňyz, şeýle hem uzak ýurtdan geljek kesekiler bu ýurtda bolýan weýrançylyklary, siziň üstüňizden Rebbiň lagnat inderişini görüp:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ