Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 19:5 - Mukaddes Kitap

5 Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Чагаларыны отда якып, Багал бутуна якма гурбанлык хөкмүнде хөдүрлемек үчин сеждегәхлер гурдулар. Мен олара бейле иши буюрмандым, айтмандым, бейле зат келләме-де гелмәнди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 19:5
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ogullaryny we gyzlaryny otdan geçirdiler, palçylyk we jadygöýlik bilen meşgullandylar. Olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işlere baş urup, Onuň gaharyny getirdiler.


Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Seniň haýasyzlygyň äşgär bolup, oýnaşlaryň we ähli nejis butlaryň bilen zyna edýärkäň, ýalaňaçlygyň üsti açyldy. Olara beren ogullaryňyň gany üçin


Olary özleriniň getiren gurbanlyklary bilen harama çykardym, ilkinji doglan çagany ot üsti bilen gurban etmäge ýol berdim. Şeýdip, Men olara howp saldym we Özümiň Rebdigimi bilsinler diýdim».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Eý, patyşahym, sen ýatyrkaň hyýalyňa mundan soňra nämeler bolarka diýen pikir geldi we syrlary aýan edýän Hudaý muny saňa äşgär etdi.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi.


Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ