Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 19:3 - Mukaddes Kitap

3 Olara: „Eý, Ýahuda patyşalary bilen Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň“ diý. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men bu ýeriň üstünden şeýle bir betbagtlyk indererin welin, ony eşidenleriň gulaklary şaňlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Олара: „Эй, Яхуда патышалары билен Иерусалим илаты, Реббиң сөзүне гулак асың“ дий. Ысрайыл Худайы Хөкмүрован Реб шейле диййәр: „Мен бу ериң үстүнден шейле бир бетбагтлык индерерин велин, оны эшиденлериң гулаклары шаңлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 19:3
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ynsan ömri ota meňzeýär, meýdan güli kimin olar gülleýär,


Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly, eden ähti ýadyndadyr müdimi.


Şeýlelikde, eý, patyşalar, paýhasly boluň; dünýä hökümdarlary, şundan habarly boluň:


Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Onsoň halka şeýle diý: „Eý, Ýahuda patyşalary, tutuş Ýahuda we bu derwezelerden girýän ähli Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň!“».


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».


Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Şonuň üçin hem, Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Öz aýdan ähli bela-beterlerimi Ýahuda bilen Iýerusalimde ýaşaýan her bir adamyň başyndan indererin. Çünki Men olara aýtdym, ýöne olar diňlemediler, olary çagyrdym, ýöne jogap bermediler“».


Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär!


Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»


Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ