Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 19:2 - Mukaddes Kitap

2 Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Күйзе дөвүги диен дервезәниң голайындакы Бенхинном дересине гит. Саңа айтҗак сөзлерими шол ерде ыглан эт.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 19:2
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Ahaz Benhinnom deresinde ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Rebbiň ysraýyllaryň öňünden kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogullaryny otdan geçirdi.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Olaryň gapdalynda Immeriň ogly Sadok öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalynda Gündogar derwezesini saklaýan Şekanýanyň ogly Şemagýa bir diwar bölegini dikeltdi.


Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň.


Reb maňa bu sözleriň hemmesini Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde jar et-de, şuny aýt diýdi: «Bu ähtiň sözlerine gulak asyň, olary berjaý ediň.


«Tur, küýzegäriň öýüne gir, sözlerimi şol ýerde saňa aýan ederin».


«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.


Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.


«Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“.


Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza pyşyrdanymy üçekden yglan ediň.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


«Baryň, ybadathana gidip, halka bu täze ýaşaýyş baradaky habary wagyz ediň» diýdi.


Bu ýerden araçäk ýabuslaryň galasy Iýerusalimde ýerleşýän düzlügiň günortasyndaky Benhinnom deresinden ýokary galýar. Soňra ol Benhinnom deresiniň günbatarynyň garşysyndaky daglaryň depesine çenli galyp, demirgazykdaky Rapa jülgesiniň ahyryna çenli barýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ