Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 19:15 - Mukaddes Kitap

15 «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Olaryň boýnuýogynlyk edip, Maňa gulak asmakdan ýüz öwrendikleri üçin, indi Men bu şäheriň we onuň ähli obalarynyň garşysyna aýdan ähli bela-beterlerimi üstlerinden indererin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 «Ысрайыл Худайы Хөкмүрован Реб шейле диййәр: „Оларың бойнуёгынлык эдип, Маңа гулак асмакдан йүз өврендиклери үчин, инди Мен бу шәхериң ве онуң әхли обаларының гаршысына айдан әхли бела-бетерлерими үстлеринден индерерин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 19:15
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin.


Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».


Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.


Emma olar Meni diňlemediler, gulak asmadylar. Boýnuýogynlyk edip, Meni diňlemediler, terbiýämi almadylar».


Şonuň üçin hem indi ýahuda halky bilen Iýerusalim ilatyna Reb şeýle diýýär diý: „Men size garşy erbet pikirler düzüp, başyňyza bela-beter getirerin. Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüň, ýaşaýşyňyzy we hereketleriňizi düzediň“.


Olara: „Eý, Ýahuda patyşalary bilen Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň“ diý. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men bu ýeriň üstünden şeýle bir betbagtlyk indererin welin, ony eşidenleriň gulaklary şaňlar.


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


«Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz.


Reb Özüniň gullary bolan pygamberleri gaýta-gaýta size ýollady, emma siz diňlemediňiz, gulak asmadyňyz.


Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meniň sözlerime gulak asmandygyňyz üçin,


Etmişleri üçin onuň özüni, neslini we hyzmatkärlerini jezalandyraryn. Olar hakda aýdan ähli bela-beterlerimi olaryň özleriniň, Iýerusalim ilaty bilen ýahuda halkynyň başyndan indererin, sebäbi olar Maňa gulak asmadylar“».


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler.


Emma halk Meni diňlemedi, Maňa gulak asmady, gaýtam boýnuýogynlyk edip, ata-babalaryndan hem beter pislik etdi“.


Taňry Ýakubyň ähli mekanyny weýran etdi hiç rehimdarlyk etmedi. Ýahuda gyzynyň galalaryny ýykdy gahar-gazaby ýatmady. Patyşalygyny hem hökümdarlaryny masgaralap, ýer bilen ýegsan etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ