Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 19:13 - Mukaddes Kitap

13 Iýerusalimiň öýleri-de, Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri-de Topet ýaly murdar saýylar. Çünki bu öýleriň ählisiniň üçeginde asman jisimlerine ýakymly ysly tütetgiler ýakdylar, başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürlediler“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Иерусалимиң өйлери-де, Яхуданың патышаларының көшклери-де Топет ялы мурдар сайылар. Чүнки бу өйлериң әхлисиниң үчегинде асман җисимлерине якымлы ыслы түтетгилер якдылар, башга худайлара ичги садакасыны хөдүрледилер“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 19:13
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.


Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül-peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady.


Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy.


Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Äht liliýasy» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury.


Görnüş jülgesi barada pygamberlik: Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?


Men bu ýeri hem, onuň ilatyny hem şeýle ederin. Bu şäheri edil Topet ýaly ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Bu şäheriň garşysyna söweşýän babyllylar gelip, ony otlarlar. Meniň gaharymy getirip, üçeklerinde Bagal butuna hoşboý ysly tütetgiler ýakan we başga hudaýlara içgi sadakalaryny hödürlän halkymyň öýlerini oda ýakarlar.


Emma biz asman melikesine tütetgi ýakmagy we oňa içgi sadakasyny hödürlemegi bes edenimizden soň bar zada mätäçlik çekýäris, gylyçdan we açlykdan heläk bolýarys».


Nebuzaradon Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we Iýerusalimiň ähli jaýlaryny oda berdi, ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,


Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy.


Emma Hudaý olardan ýüz öwrüp, asman jisimlerine sežde etsinler diýip, olary terk etdi. Pygamberler kitabynda, ine, şeýle ýazylan: „Eý, ysraýyl halky, kyrk ýyllap çölde gezeniňizde, Maňa gurbanlyklar we sadakalar hödürlediňizmi?


Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ