Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 18:8 - Mukaddes Kitap

8 emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 эмма гүррүңини эден бу миллетим шонда эрбетлигинден дөнсе, онуң башындан индерҗек бетбагтлыгымдан эл чекерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 18:8
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler.


Ysraýyllary onuň ortasyndan geçiren Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.


Näme üçin müsürliler: „Hudaý olary dagda öldürmek üçin we ýer ýüzünden süpürip taşlamak üçin erbet niýet bilen alyp gaýdypdyr“ diýmeli? Gahar oduňy öçür, gaýtmyşym et. Öz halkyňyň üstünden bu bela-beteri inderme.


Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.


Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar.


«Sen Meni ret etdiň, yza tesdiň. Men hem elimi saňa garşy galdyryp, seni ýok ederin. Merhemet etmekden halys ýadadym. Muny Reb aýdýandyr.


Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!»


Belki, diňlärler we ýaman ýollaryndan dönerler. Şonda Men hem olaryň pis işleri zerarly başlaryndan betbagtlyk indermek niýetimden el çekerin.


Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».


„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.


Erbet adam eden ähli günälerinden toba edip, Meniň ähli parzlarymy berjaý etse, adalaty, dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol hökman diri galar, ölmez.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Eý, ynsan ogly, öz ildeşleriňe şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“.


Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“ diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler.


Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“ diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse,


Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ