Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr.
„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.
Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.