Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 18:21 - Mukaddes Kitap

21 Munuň üçin çagalaryny açlyga ber, kesgir gylyja tabşyr. Aýallary perzentsiz dul galsyn, erkeklerini ajal alsyn, ýaş ýigitleri söweşde gylyçdan ölsün.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Мунуң үчин чагаларыны ачлыга бер, кесгир гылыҗа табшыр. Аяллары перзентсиз дул галсын, эркеклерини аҗал алсын, яш йигитлери сөвешде гылычдан өлсүн.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 18:21
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi.


Ähli ynsanlar gorka düşerler, olar Hudaýyň işini beýan ederler; Onuň edeni barada pikir ederler.


Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.


Men gazap atyna atlanyp, sizi gylyçdan geçirerin. Siziň aýallaryňyz dul galar, çagalaryňyz bolsa ýetim galar.


Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.


Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.


Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez ýetimine, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.


Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.


Olaryň pygamberlik eden halky-da açlyk we gylyç sebäpli Iýerusalimiň köçelerine taşlanar. Olaryň özlerini, aýallaryny we ogul-gyzlaryny jaýlan bolmaz. Çünki eden pisliklerini Men olaryň öz başlaryndan indererin.


Ýurduň derwezelerinde halkymy çarşak bilen sowraryn. Perzentsiz goýup, olary heläk ederin, çünki olar pis ýollaryndan dänmediler.


Olaryň dul aýallaryny deňiz çägesinden-de köpelderin. Ýigitleriň hem ejeleriniň üstüne günorta çagy heläkleýji ibererin. Ejelerini duýdansyz gorky we howp astyna salaryn.


Munuň üçin onuň ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Reb aýdýandyr.


Köçelerden çagalary, meýdançalardan ýaş ýigitleri gyryp taşlamak üçin, ölüm penjirelerimize dyrmaşyp, galalarymyza girdi.


Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi.


Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn.


Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.


Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.


Demir ussasy Isgender maňa ýamanlyk baryny etdi. Reb oňa edenlerine görä jezasyny berer.


Şamuwel oňa: «Seniň gylyjyň aýallary öz çagalaryndan mahrum etdi. Seniň öz ejeň hem, goý, şol aýallar ýaly perzendinden mahrum bolsun» diýdi we Agagy Gilgalda Rebbiň huzurynda kerçäp taşlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ