Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 18:17 - Mukaddes Kitap

17 Olary duşmanlarynyň öňünde gündogar şemaly kimin pytradaryn. Başlaryndan betbagtlyk inen güni ýüzümi däl-de, ýeňsämi görkezerin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Олары душманларының өңүнде гүндогар шемалы кимин пытрадарын. Башларындан бетбагтлык инен гүни йүзүми дәл-де, еңсәми гөркезерин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 18:17
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sörtük ýeli öz ugruna göterip äkidýär, olary öz mesgenlerinden süpürip taşlaýar.


Baýlygyna bil baglaýan ynsanlar, mal-mülküniň köplügine magtanýar.


Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, erbedi betbagtlyk ýykýandyr.


Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn.


Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.


Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Meniň gaýta-gaýta öwredenlerime olar gulak asmadylar, dogry ýola gelmediler.


Hakyna tutulan esgerleri baga bakylan öküz kimin bolsa-da, olar-da yza dönüp, bilelikde gaçdylar. Öz orunlarynda durup bilmediler. Çünki başlaryna heläkçilik günleri, jezalandyryljak günleri ýetip geldi.


Kürekçileriň seni açyk deňizlere alyp çykarlar, emma gündogar şemaly deňizler ummanynda seni kül-peýekun eder.


Olardan ýüz öwrenimde, olar Meniň hazynamy harlarlar, talaňçylar girip, ony harlarlar.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar.


Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ