Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 17:9 - Mukaddes Kitap

9 Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ынсан йүреги әхли затдан хилегәрдир, халыс ёлдан чыкандыр. Оңа ким дүшүнип билер?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 17:9
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Dawut hatynda şeýle ýazdy: «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goý-da, onuň ýanyndan aýryl. Goý, ol ýaralanyp ölsün».


Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.


Sen Öz kuwwatyňy guşandyň hem-de daglary berkarar etdiň.


Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.


Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.


Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.


Depäňizden dabanyňyza çenli sagat ýeriňiz ýok, gan öýmelerdir, ýaralar, gany akyp duran ýaralar. Olar arassalanmadyk, saralmadyk, ýag bilen ýumşadylmadyk.


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler.


Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“.


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Isa muny eşidende, olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.


Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.


Sebäbi günä Kanunyň buýrugyny tutaryk edinip, meni aldawa saldy-da, ol arkaly öldürdi.


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Eziz doganlar, habardar boluň! Siziň hiç biriňizde ýaman niýetli, imansyz ýürek bolmasyn, bular sizi diri Hudaýdan daşlaşdyrmasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ