Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 17:7 - Mukaddes Kitap

7 Rebbe bil baglan, Rebbe daýanan adam nähili bagtly!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Реббе бил баглан, Реббе даянан адам нәхили багтлы!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 17:7
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Sionyň abadanlygyny gaýtaranda, bu bize bir düýş kimin göründi.


Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň sadyk söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.


Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.


Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer.


Tä Gün hem Aý şöhle saçýarka, nesillerboýy, goý, ol ýaşasyn.


Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.


Söze üns berýän rowaç tapar, Rebbe ynanýan bolsa bagtlydyr.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Men seni hökman halas ederin. Sen gylyçdan ölmersiň, Maňa bil baglandygyň üçin, sen öz janyňy gutaryp aman galarsyň“. Muny Reb aýdýandyr».


Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.


Iýerusalimde pespäl, pukara adamlary aman galdyraryn, olar Maňa bil baglarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ