Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 17:5 - Mukaddes Kitap

5 Reb şeýle diýýär: «Ynsana bil baglan, ynsanyň güýjüne daýanan, ýüregi Rebden daşlaşan adama nälet bolsun!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Реб шейле диййәр: «Ынсана бил баглан, ынсаның гүйҗүне даянан, йүреги Ребден дашлашан адама нәлет болсун!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 17:5
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Asanyň patyşalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda ol aýakdan dert çekdi Onuň aýak agyrysy gitdigiçe agyrlaşsa-da, ol Rebden medet dilemän, lukmanlardan medet gözledi.


Aşur patyşasy ynsan güýji bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam edip, biziň üçin söweşer». Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň sözleri halky ruhlandyrdy.


Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.


Soňy ölümli ynsanlara bil baglamaň. Kim bolupmyş olar?


Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar.


Ine, sen döwük gamyş kysmy Müsüre bil baglaýarsyň. Emma kim şol döwük gamşa hasa hökmünde söýense, şonuň eline batar. Müsür patyşasy faraon hem özüne bil baglaýanlaryň hemmesi üçin-de şeýledir.


Hakykat ýok, ýamanlykdan gaça durýan talanýar, Reb muny gördi, adalatyň ýokdugyna gynandy.


Olara Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Bu ähtiň şertlerine gulak asmadyk adama nälet bolsun!


Gaçyp gutulanlaryňyz ýesirlige äkidilen ýerlerindäki milletleriň arasynda Meni ýatlarlar. Men olaryň Özümden ýüz öwren zynahor ýüreklerinden, butlarynyň yzyna eýeren zynahor gözlerinden ýaňa ajy hasrat çekdim. Olar ähli nejis işlerinde eden pisliklerinden ýaňa öz-özlerini ýigrenerler.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ