Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 17:3 - Mukaddes Kitap

3 Seniň baýlygyňy we tutuş hazynalaryňy ýurduňda eden günäleriňiň tölegi hökmünde olja edip paýlaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сениң байлыгыңы ве тутуш хазыналарыңы юрдуңда эден гүнәлериңиң төлеги хөкмүнде олҗа эдип пайларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 17:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.


Ýurduň ähli ýerinde eden günäleň üçin talaňa bererin baýlygyňy we hazynaňy.


Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.


Men saňa garşydyryn, eý, özüni düzde gaýa saýýan jülge ilaty!’. Muny Reb aýdýandyr. Siz diýýäňiz: ‘Bize kim garşy çykyp biler? Mesgenimize kim girip biler?’


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy, milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de, Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi.


Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, seždegähleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olaryň garşysyna jemagaty örüz, olary howp astyna we talaňa sal.


Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, seždegähleriňizi ýok ederin.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ