Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 17:25 - Mukaddes Kitap

25 onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar öz emeldarlary bilen söweş arabalaryna, atlara münüp, ýahuda halky we Iýerusalimiň ilaty bilen birlikde bu şäheriň derwezelerinden girerler. Bu şäher ebedi ilatly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 онда Давут тагтында отурҗак патышалар өз эмелдарлары билен сөвеш арабаларына, атлара мүнүп, яхуда халкы ве Иерусалимиң илаты билен бирликде бу шәхериң дервезелеринден гирерлер. Бу шәхер эбеди илатлы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 17:25
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».


Dawut onuň bir müň ýedi ýüz sany söweş arabaly esgerlerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.


Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Şonda olara Reb şeýle diýýär diý: „Bu ýurtda ýaşaýanlaryň ählisini: Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri, Iýerusalimiň tutuş ilatyny serhoş bolýançalar şerapdan doýraryn.


«Eý, Dawut tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, seniň özüň, emeldarlaryň we bu derwezeden girýän halkyň bilen birlikde Rebbiň sözüni eşidiň!


Reb şeýle diýýär: «Bu adamy zürýatsyz, ömründe işi oňuna bolmajak adam diýip ýazyň. Çünki indi onuň neslinden hiç kimiň işi oňuna bolmaz, hiç biri Dawut tagtynda oturmaz we Ýahudada höküm sürmez».


Eger siz bu işi hakykatdan etseňiz, onda Dawut tagtynda oturjak patyşalar atlara we söweş arabalara münüp, olaryň özleri, hyzmatkärleri hem halky bu öýüň derwezelerinden girerler.


Olar size şeýle diýdiler: „Indi her biriňiz öz ýaman ýoluňyzdan, pis işleriňizden dönüp, Men-Rebbiň owal-başdan özüňize we ata-babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda mesgen tutuň.


Şol günlerde, şol wagtda Men Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykararyn. Ol ýurtda adalaty hem dogruçyllygy berjaý eder.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Dawudyň nesli Ysraýyl tagtynda baky oturar.


onda tagtynda patyşalyk etjek ogly bolmasyn diýip, gulum Dawut bilen we Maňa hyzmat eden lewi ruhanylarym bilen eden ähtimi-de bozup bolar.


Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ýollaryňyzy hem işleriňizi düzediň, şonda Men sizi bu ýerde ýaşadaryn.


onda Men sizi bu ýerde, owaldan ata-babalaryňyza baky hem ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn.


Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.


Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz.


Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ