Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 17:16 - Mukaddes Kitap

16 Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мен хызматыңда чопан болмакдан гачмадым. Бетбагтлык гүнүниң гелмегини-де ислемедим. Агзымдан чыкян хер бир сөзи Өзүң билйәнсиң, я Реб, ол сөз хузурыңда аяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 17:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


«Ýa Reb, Özüň bilýärsiň. Meni ýada sal, ýardam et maňa. Meni yzarlanlardan arymy alaýyn. Olara sabyr-takatly bolma, meni öldürmeklerine ýol berme. Bu kemsidilmelere Seniň hatyraň üçin çydaýandygymy bilgin.


Ýagşylyga ýamanlyk edilermi? Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar. Gazabyňy olardan sowmak, olara ýagşylyk dilemek üçin, huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.


Ýa Reb, Sen meni aldadyň, men-de aldandym. Sen menden güýçlüsiň, Sen meni ýeňdiň. Bütin gün men boldum gülki, ýaňsylaýar her kim meni.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.


Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ