15 Ine, olar maňa: «Rebbiň sözi nirede? Hany, ol amala aşsyn-da!» diýýärler.
15 Ине, олар маңа: «Реббиң сөзи ниреде? Ханы, ол амала ашсын-да!» диййәрлер.
Olar: «Goý, Hudaý howluksyn, işini tiz etsin, biz-de göreli; Ysraýylyň Mukaddesiniň niýetläni tiz amala aşsyn, biz hem ony bileli».
«Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“ diýýän bu nakylyňyz näme?
Dat günüňize, Rebbiň gününi küýseýänler! Näme üçin siz Rebbiň gününe zarsyňyz? Ol gün aýdyňlyk däl-de, garaňkylykdyr.
Siz sözleriňiz bilen Rebbi irizdiňiz. «Ony nädip irizdik?» diýip soraýarsyňyz. «Ýamanlyk edýän her bir adam Rebbiň nazarynda gowudyr we Reb olardan hoşaldyr» ýa-da «Hany, adalat Hudaýy nirede?» diýip irizdiňiz.