Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 17:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Я Реб, маңа шыпа бер, сагалайын. Мени халас эт, халас болайын, чүнки өвгим диңе Сенсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 17:14
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý rebbime şeýle sözledi: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur».


Nazar sal-da, maňa jogap ber, ýa Beýik Hudaýym! Gözlerime nur ber, ölüm ukusyna gitmezim ýaly.


Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň maskili.


Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.


Ýa Reb, maňa merhemet eýle, çünki mende ysgyn-mydar galmady; ýa Reb, maňa ber Sen şypaňy. Çünki galpyldaýar meniň süňklerim,


güýçli galpyldaýar janym hem meniň. Ýa Reb, haçana çenli bu dowam eder?


Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Men seni bu halk üçin bürünçden berk diwar ederin. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma ýeňip bilmezler. Halas etmek, ölümden gutarmak üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr.


Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän gykylykdyr gowgalar ýalandyr. Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb Ysraýyly halas edýär.


Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp: „Bu Sion, halyny soraýan ýok“ diýdiler. Emma Men seni ýene-de sagaldaryn, ýaralaryňa şypa bererin». Muny Reb aýdýandyr.


Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.


Emma Men ol şähere ýene saglyk we şypa bererin, olary sagaldaryn, olara abadançylyk we parahatlyk eçilerin.


Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy.


Emma ýeliň güýjüni görüp gorkdy, gark bolup ugranda: «Agam, meni halas et» diýip gygyrdy.


Şägirtleri Ony oýaryp: «Agam, bizi halas et! Biz heläk bolup barýarys!» diýdiler.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur.


Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de. Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da, gutuljak ýokdur Meniň elimden.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ