Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Олар агыр кеселлерден өлерлер, олар үчин яс тутулмаз, җесетлери җайланылмаз, топрагың йүзүнде дерс ялы болуп ятарлар. Олар гылычдан ве ачлыкдан хеләк боларлар. Җесетлери гушлара ве йыртыҗы хайванлара шам болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 16:4
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer, ony hiç kim jaýlamaz“». Onsoň ýaş pygamber şeýle diýdi-de, dessine öýden çykyp gaçdy.


Eý, Hudaý hoşamaý seret patyşa – galkanymyza, merhemet et Öz seçip-saýlanyňa.


Hemmesi daglardaky ýyrtyjy guşlara, ýerdäki wagşy haýwanlara galdyrylar. Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara, gyşyna wagşy haýwanlara şam bolarlar.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


Men bu şäherdäkileriň baryny: ynsandyr haýwanyny heläk ederin. Olar aýylganç mergiden ölerler.


Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter. Olar üçin ýas tutulmaz, ýygnalyp jaýlanylmaz. Olar zir-zibil ýaly çaşyp ýatarlar.


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr.


janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Olaryň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Munuň üçin Reb Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada şeýle diýýär: „Onuň neslinden hiç kim Dawut tagtynda oturmaz. Jesedi gündiziň yssysyna, gijäniň aýazyna taşlanar.


Müsüre gidip, ol ýerde ornaşmagy ýüregine düwen Ýahudanyň aman galanlaryny ýok edip taşlaryn, olaryň hemmesi Müsür ýurdunda heläk bolarlar. Olar gylyçdan we açlykdan gyrlarlar, uludan-kiçä hemmesi gylyçdan we açlykdan ölerler. Olar nälete, howpa, utanja we gargyşa sezewar bolarlar.


Men olary ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin aňtaýaryn. Müsür ýurdundaky ýahudalylaryň hemmesi doly gyrlyp ýok bolýança, gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Bu halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar, olary hiç kim kowmaz.


Reb şeýle aýdýar diý: «Ynsan jesetleri ekin meýdanyna sepilen ders deý, orakçynyň yzyndaky desseler deý topraga serler. Olary hiç kim ýygnamaz».


Açlykdan öleniňden gylyçdan öleniň gowudyr. Ýeriň hasylyndan mahrum bolup, olaryň ömür tanaplary gyryldy.


«Ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men güýjüňiziň buýsanjy, gözüňiziň arzuwlaýany, janyňyzyň mähremi bolan mukaddes öýümi harlatmakçy. Galdyryp gaýdan ogul-gyzlaryňyz gylyçdan ölerler“.


Siziň üçden bir bölegiňiz mergiden, ýene üçden bir bölegiňiz daş-töweregiňizdäki gylyçdan öler; beýleki üçden bir bölegiňizi bolsa ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzyňyzdan kowalaryn.


Men ynsanlaryň başyna muşakgat indererin. Olar kör adam kimin ýörärler, ganlary suw deýin döküler, bedenleri ders kimin çüýrär, çünki olar Rebbe garşy günä etdiler.


Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz.


Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ