Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 16:18 - Mukaddes Kitap

18 Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Олар йигренҗи маслык бутлары билен юрдумы харама чыкардылар, мүлкүми неҗис затларындан долдурдылар. Шонуң үчин Мен олара этмишлеридир гүнәлери үчин ики эссе төледерин“».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 16:18
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.


Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar.


Şeýle ýazylandyr, ine: «Men dymmaryn, bererin almytlaryny; hawa, almytlaryny gursaklaryna bererin.


Siziň ýazyklaryňyzyň, daglarda ýakymly ysly tütetgi ýakyp, depelerde Meni äsgermezlik eden atalaryňyzyň ýazyklarynyň almytyny bererin. Öňki eden işlerini ölçäp, olary başlaryna getirerin» diýýär Reb.


Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.


Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi.


Ysraýyl hiç ähmiýet bermedi, daşlara we agaçlara sežde etmek bilen, zyna etdi we ýurdy bütinleý harama çykardy.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.


Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler.


Ýurda dolanyp, ähli ýigrenji we nejis zatlaryny ol ýerden aýryp zyňarlar.


Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şeýlelikde, ýurda gan çaýkandyklary we öz ýasan butlary bilen ony haram edendikleri üçin, Men olaryň üstüne gyzgyn gazabymy dökdüm.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.


Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.


Ol size näme eden bolsa, siz hem oňa şony ediň. Onuň edenlerini iki esse edip gaýtaryň! Oňa iki esse güýçli garylan şerapdan içiriň!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ